"Russiýanyň Demir ýollary" edarasy Türkmenistanyň demir ýollarynyň elektrikleşdirmegine goşant goşar

22 Aprel 2024
351

«Russiýanyň Demir ýollary» AGPJ-niň  baş direktorynyň orunbasary Wýaçeslaw Pawlowskiý Türkmenbaşydan Türkmenabat şäherine çenli esasy ugurda Türkmenistanyň demir ýol infrastrukturasynyň elektrikleşdirilmegine goşant goşmaga taýýardyklaryny mälim etdi. Bu barada ol habarçylara beren beýanatynda belläp geçdi.

“Infrastruktura taslamalary nukdaýnazaryndan Russiýa tarapy, Türkmenbaşydan Türkmenabat şäherine çenli esasy ugurda demirýol infrastrukturasynyň elektrikleşdirilmegine kömek bermäge taýýardyr we elektrikleşdirmek we işgärleri taýýarlamak üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny döretmek nukdaýnazaryndan toplumlaýyn çemeleşmäni teklip edýär” diýip, Wýaçeslaw Pawlowskiý aýtdy. Şeýle hem, taraplaryň Gyzylarbatdaky wagon abatlaýyş zawodynyň durkuny täzelemek meselesinde ylalaşandyklaryny aýtdy.

Beýleki habarlar