«RŽD» Türkmenistanyň demir ýollarynyň elektrikleşdirilmegine ýardam etmäge taýýar

21 Aprel 2024
414

«Russiýanyň demir ýollary» (RŽD) Türkmenistanyň demir ýollarynyň elektrikleşdirilmegine ýardam etmäge taýýar. Bu barada «RŽD» AGPJ-niň baş müdiriniň orunbasary Wýaçeslaw Pawlowskiniň sözlerine salgylanyp, TASS ýazýar.

Pawlowskiniň aýtmagyna görä, taraplar Gyzylarbatdaky wagon abatlaýyş zawodynyň durkunyň täzelenmegi barada hem ylalaşdylar. Ol 2023-nji ýylda «RŽD» bilen «Türkmendemirýollarynyň» 2023 – 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygy ösdürmek maksatnamasyna gol çekendigini ýatlap geçdi. Bu maksatnamanyň çäklerinde eýýäm häzir Akýaýla – Inçeburun türkmen-eýran serhet geçelgesiniň üsti bilen Demirgazyk – Günorta ugry boýunça aýda 4 konteýner otlusy gatnaýar.  Şeýle-de «RŽD» öz Korporatiw uniwersitetinde türkmen demirýolçularyny taýýarlamagy meýilleşdirýär.

Taýýarlan: Aýnur GOÇAKOWA,
TDBGI-niň uly mugallymy.
Beýleki habarlar