Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy: netijeli hyzmatdaşlyk işjeň ilerledilýär

19 Aprel 2024
415

16-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat) Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mihal Mlynary kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň we UN-Habitat-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň derwaýys meseleleri boýunça düýpli pikir alyşmalar boldy. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyz 2023-nji ýylda UN-Habitat-nyň Durnukly şäherleşme boýunça dostlar toparyna we Şäherleri ösdürmek boýunça täze maksatnamasyna goşuldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda UN-Habitat-nyň wekilhanasyny açmak meselesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň häzirki wagtda dowam edýän 78-nji sessiýasynda ýurdumyz üçin ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, şu ugurdaky ilkinji ädim hökmünde hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitlemek, netijede, taslamalaýyn resminamany işläp düzmek üçin BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň hünärmenlerinden ybarat bolan toparyň Türkmenistana saparyny guramagy teklip etdi.

«Nesil».
Beýleki habarlar