Ulag ulgamynda täze gözýetimler

19 Aprel 2024
418

Demir ýollaryň logistikasy içerki we daşarky bazarlaryň harytlarynyň päsgelçiliksiz hem-de howpsuz daşalmagyny üpjün etmek bilen, ykdysady ösüşde wajyp orny eýeleýär. Daşalýan ýükleriň mukdarynyň köpelmegi, degişli düzümleriň kämilleşdirilmegi, döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde demir ýol ulgamynyň ähmiýeti artýar. Türkmenistanda hem ulagyň ähli görnüşleri bilen bir hatarda, demir ýol düzümlerini kämilleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýär. 15 — 19-njy aprel aralygynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisinde hem bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häzirki döwürde köp ýurtlarda ýükleriň ýarysyndan gowragy awtoulaglar arkaly daşalýan hem bolsa, ýol-ulag çykdajylarynyň we zyýanly zyňyndylaryň mukdarynyň pes bolmagy demir ýollaryň ornunyň barha pugtalanmagyny şertlendirýär. Bilermenler tarapyndan geçirilen seljermeleriň netijelerine laýyklykda, demir ýollary arkaly ýükleriň daşalyşynyň 2027-nji ýyla çenli yzygiderli ortaça 5,9 göterim artmagyna garaşylýar. Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin demir ýol ulaglarynyň ähmiýeti has-da artýar.

Selimberdi HOJABERDIÝEW,
Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.
Beýleki habarlar