Sungatlar «sözleşende» hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerine ýol açylýar

19 Aprel 2024
623

Uzak menziller aşyp, alys ýurtlara barlanda, köplenç, ýerli ilat ýa-da çet ýurtly kärdeşlerimiz tarapyndan: «Öň biziň ýurdumyzda bolduňyzmy? Şäherimiz sizde nähili täsir galdyrdy?» diýen ýaly sowallar berilýär. Elbetde, alys ýurtdan gelen myhmanyň dogduk mekanyň hakdaky ýakymly sözlerini eşitmek, ajaýyp pikirlerini bilmek her birimiz üçin hem ýakymly. Daşary ýurtda ilkinji sapar bolmagyň, görmegiň lezzeti bir başga, ol hiç bir zat bilen öwezini dolduryp bolmajak pursatlar bolup hakydalara dolýar. Şu ýylyň 1 — 3-nji aprelinde iş sapary bilen Awstriýa Respublikasynyň paýtagty Wena şäherine ilkinji gezek myhman bolanymyzda hem, şol ýakymly pursatlary başdan geçirdik. Şol täsirleri kalbyňa doldurmagyň, ony müdimilik ýadyňda saklamagyň, gören-eşidenleriňden ylhamlanyp işlemegiň lezzet, ýakym, ýalkym bolup göwünleri ganatlandyrýandygyna ýene bir gezek göz ýetirdik. Şu ýakymly duýgulary ynsan ömrüne bagyş edip, ähli zerur mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan sahawatly işleriniň dowamat-dowam, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserinde «Zamahşary, Gaýyby, Nowaýy, Azady, Magtymguly ýaly türkmen akyldarlary, alymlary sözi ynama, sazy gaýypdan gelen gudrata deňäpdirler» diýlip nygtalýar. Sözüň, sazyň jadylaýjy gudratyna maýyl bolup, göwün guşuň al-asmanda pelpellände, hakykatdanam, bu sözleri tumar edip göternesiň gelýär. Bu hakykat Wenanyň «MUSIKVEREIN» aýdym-sazly döredijilik öýünde Awstriýanyň medeniýet işgärleri bilen türkmen aýdymçylarydyr sazandalarynyň bilelikdäki sazlaşykly işlerinde hem aýdyňlygy bilen ýüze çykdy. Biz şonda medeniýetiň, sungatyň arasynda hiç bir serhet saklanman, halkara gatnaşyklaryň özara düşünişmegiň, dostlugyň nyşanyna öwrülýändigine ýene bir ýola şaýat bolduk.

Maýsa TAÝJYKOWA,
«Zenan kalby».
Beýleki habarlar