BMG Türkmenistanyň Owganystan bilen hyzmatdaşlygyna ýokary baha berýär

11 Aprel 2024
348

Ýakynda Baş konsullygyň binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň Hyrat şäherindäki wekilhanasynyň täze bellenilen ýolbaşçysy hanym Tomoko Kutoba bilen Türkmenistanyň Owganystanyň Hyrat şäherindäki Baş konsuly Batyr Ýolowyň arasynda tanyşlyk duşuşygy geçirildi. Bu barada Baş konsullyk habar berýär.

Duşuşygyň başynda T.Kutuba Türkmenistan özüniň oňyn Bitaraplyk syýasatyna esaslanyp, Owganystanyň ykdysadyýetini ösdürmeklige gönükdirilen TOPH gaz geçirijisi, TOP elektrik geçirijisi we demir ýol ugry boýunça uly taslamalarynyň ähmiýetini belläp geçdi. Şeýle-de Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça hem-de durnukly ösüş babatynda alyp barýan anyk işlerini aýratyn nygtady.

Beýleki habarlar