Şalwa Papuaşwili: Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda uçar gatnawlaryny ýola goýmak ähmiýetlidir

10 Aprel 2024
248

9-njy aprelde Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşan Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwili habarçylara beren beýanatynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary, hususan-da “Merkez geçelge” taslamasyny ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşandyklaryny belledi.

Şeýle hem ol Türkmenistanyň Prezidenti bilen medeni hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşandyklaryny belläp, Şota Rustawelliniň ýadygärligini Aşgabatda dikeltmek çözgüdi üçin Türkmenistanyň Prezidentine öz hoşallygyny bildirendigini aýtdy.

Beýleki habarlar