Dostlukly gatnaşyklar giň gerim alýar

7 Aprel 2024
415

Soňky ýyllarda ýurdumyz halkara gatnaşyklaryny has-da ösdürýär. Halk hojalygynyň dürli ugurlarynda daşary döwletler bilen gazanylýan ylalaşyklar ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki abraýyny arşa göterip, milli ykdysadyýetimiziň ösüş depgininiň has-da ýokarlanmagyna uly täsir edýär. Beýleki hyzmatdaş ýurtlarymyz bilen birlikde Täjigistan Respublikasy bilen hem dostlukly gatnaşyklar barha ýokarlanýar. Biz munuň nobatdaky subutnamasyny türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda bu döwlete amala aşyran saparynyň çäklerinde hem göz ýetirdik.

Türkmen we täjik halklaryny uzak ýyllaryň dowamyndaky dostlukly gatnaşyklar birleşdirýär. Beýleki ugurlarda bolşy ýaly, gümrük işlerinde hem iki döwletiň gümrük edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyklar barha ýokarlanýar. 2023-nji ýylyň maýynda hormatly Prezidentimiziň bu döwlete amala aşyran saparynyň çäklerinde, gümrük serhedinden geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda deslapky maglumatlary alyşmagy guramak hakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Gümrük gullugynyň arasynda Ylalaşyga gol çekildi. 2023-nji ýylyň iýulynda Täjigistan Respublikasynyň degişli wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda hem ýörite duşuşyklar geçirilendigini we Türkmenistanda gümrük işiniň taryhy, Gümrük gullugynyň döreýşi, häzirki wagtda alnyp barylýan işler, gümrük edaralaryna ornaşdyrylýan sanly ulgam, täze tehnologiýalar barada giňden tanyş bolandygyny buýsanç bilen ýatlap bileris.

Toýly JUMAKOW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Daşoguz welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.
Beýleki habarlar