Türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygy: sungatyň mizemez köprüsi

6 Aprel 2024
648

Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň döredip beren mümkinçilikleri esasynda, ýurdumyzyň wekiliýeti şu ýylyň aprel aýynyň 1 — 3-i aralygynda Wena şäherinde iş saparynda boldy. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet, sungat işgärleri saz-söhbediň mekany hasaplanýan toprakda bolup, türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň medeni ugurlaryna ähmiýet bermek bilen, geljegi nazarlaýan hyzmatdaşlygy berkitmekde iki tarapa-da netijeli işlere ünsi çekdiler. Şol ýerde-de biz aýdym-sazyň, sungatyň halklaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde, ynsan göwünlerini birleşdirmekde neneňsi uly täsiriniň bardygyna ýene bir ýola göz ýetirdik.

Maýsa TAÝJYKOWA,
«Zenan kalby» žurnalynyň baş redaktory.
Beýleki habarlar