Türkmenistan — Täjigistan: dostlukly gatnaşyklaryň täze tapgyry

5 Aprel 2024
551

Häzirki wagtda türkmen we täjik halklarynyň köpasyrlyk dostluk ýörelgelerine, taryhy, ruhy, medeni umumylygyna esaslanýan türkmen-täjik gatnaşyklary täze ösüşlere eýe bolýar. Iki ýurduň Baştutanlarynyň ynanyşykly gatnaşyklary, soňky ýyllarda yzygiderli geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň netijeleri döwletara dialogy işjeňleşdirmegiň möhüm şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary bu gatnaşyklary täze derejelere çykarmakda nobatdaky möhüm ädimdir.

TÄJIK DÖWLETINI ESASLANDYRYJY GAHRYMAN HATYRALANYLDY

"Nesil".
Beýleki habarlar