Tokioda Türkmenistanyň EKSPO-2025 Bütindünýä sergisindäki Milli pawilýony bilen tanyşdyryldy

1 Aprel 2024
399

Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen türkmen-ýapon işewürlik forumynyň üçünji mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň Osakada geçiriljek EKSPO-2025 Bütindünýä sergisindäki Milli pawilýony bilen tanyşdyryldy.

Türkmenistanyň Milli pawilýonynyň resmi potratçysy – “Belli” hojalyk jemgyýetiniň direktory öz çykyşynda Türkmenistanyň Milli pawilýonynyň dizaýny, daşky keşbi, gurluşyk işleri bilen tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi penşenbe güni habar berdi.

Beýleki habarlar