Medeniýetleriň merkezindäki maslahat

28 Mart 2024
488

28-nji martda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi» atly halkara metbugat maslahaty geçirildi. «Türki medeniýetleriň birligi we onuň metbugatda tutýan orny», «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy», «Sanly media we habarlar», «Filmler, animasiýalar we kinofestiwallar» atly bölümleri özünde jemlän maslahata TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hyzmatdaşy bolan daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar