Türkmenistan — Russiýa: däp bolan gatnaşyklara ygrarlylyk

22 Mart 2024
474

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hem-de köpugurly häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklar okgunly ösdürilýär, netijeli hyzmatdaşlyk täze many-mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylyp, ähli ugurlar boýunça giňeldilýär. Muňa 19-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşliginiň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Döwlet Baştutanymyz öz adyndan hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Wladimir Putini Russiýa Federasiýasynyň Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady. Wladimir Putiniň bu ýokary wezipä gaýtadan saýlanylmagynyň bildirilen ýokary ynamyň we öz ýurdunyň öňünde bitiren hyzmatlarynyň ykrar edilmeginiň nyşany bolup durýandygyny belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Russiýa Federasiýasyna öz Lideriniň parasatly baştutanlygynda mundan beýläk-de gülläp ösüş, ýurduň halkyna bolsa rowaçlyk arzuw etdi. Russiýanyň Prezidenti döwlet Baştutanymyza gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny ýetirmegini haýyş etdi.

"Nesil".
Beýleki habarlar