Çaga hukuklarynyň goraglylygy

22 Mart 2024
702

Ýurdumyzda maşgala, eneler we çagalar döwlet tarapyndan goralýar. Maşgalanyň döwlet tarapyndan goralmagy durmuş goldawy bilen birlikde, hukuk goragyny hem öz içine alýar. Esasy Kanunymyzyň 40-njy maddasynda maşgalanyň, eneligiň, atalygyň we çagalygyň döwletiň goragynda durýandygy, döwletiň ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýändigi we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýändigi kesgitlenendir.

Çagalaryň hukuklarynyň kepilliklerini güýçlendirmek babatda Türkmenistan halkara guramalary bilen hem işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar, adam hukuklaryny goramaga we ynsanperwer ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen taslamalary amala aşyrýar. Şeýle guramalaryň biri hem 1946-njy ýylyň 11-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan döredilen Çagalar gaznasy — ÝUNISEF bolup durýar.

Aziza IŞBAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar