Döwrebap ýollar ösüşlere ýetirýär

22 Mart 2024
433

Bitarap Türkmenistan dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge degişli esasy meseleleriň özara ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça tagallalary birleşdirmäge işjeň gatnaşýar. Beýleki döwletler bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynda sebitiň ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny döretmek wajyp meseleleriň biridir. Ýurdumyzda döwrebap üstaşyr ulag logistika düzüminiň kemala gelmegi gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmeginde möhüm ähmiýete eýe. Ol milli ykdysadyýetimiziň döwrebap ösüşine kuwwatly itergi berýär.

Geografik taýdan örän amatly ýerde — Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebit we sebitara gatnaw ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän hemişelik Bitarap Türkmenistan ägirt uly logistik kuwwata eýedir. Häzirki wagtda ýurdumyzda Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag taslamalary amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň çäginde halkara ähmiýetli demir hem-de awtoulag ýollary, deňiz-derýa, şeýle-de howa ýollary boýunça döwrebap üstaşyr ulag geçelgeleri emele gelýär. Bu taslamalar Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny, halkara abraýyny has-da artdyrýar.

Döwran HOJAMGULYÝEW,
Awtoulaglar we ýol hojalyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar