Halkara giňişlikde

21 Mart 2024
449

Durnukly ösüş ugurlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirip

Golaýda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde iş saparynda bolup, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan guralan durnukly ösüş boýunça sebitleýin forumyň ýokary derejeli çäresine gatnaşdy. Onda ýurdumyzyň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bolan ykdysadyýet, ulag-kommunikasiýalar, energetika ulgamlarynda, hususan-da, ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmek boýunça Çarçuwaly maksatnamany işläp taýýarlamak, Durnukly ulag birikmesiniň atlasyny, Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek ýaly meseleler babatda halkara hyzmatdaşlyga açykdygy mälim edildi.

Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar