Täsin tapyndy öwrenilýär

21 Mart 2024
414

Ýakynda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň «Medeni mirasy gorap saklamak baradaky ilçiniň gaznasy» maksatnamasynyň çäklerinde Los-Anjeles şäherindäki Ž.Pol Getti muzeýiniň wekilleri Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine ikinji iş saparyny amala aşyrdylar. Saparyň jemleri boýunça iki muzeýiň hünärmenleriniň duşuşygy guralyp, onda gazanylan netijeler beýan edildi.

Geçen ýylyň ýanwarynda «Medeni mirasy gorap saklamak baradaky ilçiniň gaznasy» maksatnamasynyň çäklerinde yglan edilen bäsleşikde ýeňiji bolan taslamada Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini öwrenmek boýunça Ž.Pol Getti muzeýiniň wekilleri iş sapary bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gelipdiler. Sapar gorap saklamak, dikeltmek üçin Gadymy Merwden tapylan Buddanyň heýkeliniň kelle bölegi bilen ýakyndan tanyşmagy, ony surata düşürmegi we bar bolan maglumatlary öwrenmegi maksat edindi.

Oraznabat SAPAROWA,
Türkmenistanyň Döwletmedeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktorynyň orunbasary.
Beýleki habarlar