Sahawata baý Oraza

20 Mart 2024
434

Ýakynda mübärek Oraza aýynyň dowam edýän günlerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan tarapyndan bu mukaddes aý mynasybetli iberilen Remezan aýynyň bereketli miwesi bolan hurma gelip gowuşdy. Munuň özi ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň has-da berkeýändiginiň hem-de BAE-de biziň ýurdumyza goýulýan aýratyn hormat-sarpanyň aýdyň güwäsidir.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Birleşen Arap Emirliklerinden gelip gowşan nygmat Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan çagalara, paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgüniň okuwçylaryna we çagalar öýünde terbiýelenýän körpelere mukaddes Oraza aýynyň hormatyna sowgat hökmünde iberildi.

Beýleki habarlar