Diplomatiýa — özara ynanyşmagy berkitmegiň sungaty (Ýaş žurnalistiň sözi)

4 Mart 2024
329

Bu hakykat üçünji Antalýa diplomatiýa forumynda has-da dabaralandy

Ylym, taryh we tejribeler «diplomatiýa» sözüniň «parahatçylygyň guraly, gepleşikleriň we ylalaşmagyň sungaty...» ýaly dürli manylaryny ýüze çykardy. Häzirki wagtda diplomatiýanyň halkara syýasatdaky orny barha berkeýär. Dünýädäki häzirki ýagdaýlar bolsa dialog medeniýetini ösdürmegi, umumadamzat abadançylygyna gönükdirilen döredijilikli syýasaty ilerletmegi talap edýär. Elbetde, bu iş diňe ählumumy derejede tagallalaryň birleşdirilmeginde mümkin bolup biler. Şu ýylyň 1 — 3-nji marty aralygynda geçirilen üçünji Antalýa diplomatiýa forumy, onda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň eden taryhy çykyşy parahatçylyk gurallaryny ulanmak arkaly halkara gün tertibiniň derwaýys meselelerini çözmegiň ýolunda möhüm ähmiýetli waka boldy.

Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».
Beýleki habarlar