Hazaryň halkara höziri

2 Mart 2024
220

Türkmenistan - ajaýyp ýurt. Dag ýerinde dagy, deňiz ýerinde deňzi, joşgunly derýalary, mahmala meňzeýän sähralary bolan bu ajaýyp tebigatly ülkäniň at-owazasy mundan ýüzlerçe asyr ozallaram Ýer ýüzüniň çar künjegine ýaýran. Ýöne şeýle bir zamananyň bolýandygyna, şol eýýamda ýurtda ösüşleriň ösüşlere beslenýändigine, tebigatynyňam gözelligine gözellik goşulýandygyna biz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş beren Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mysalynda bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirdik. Ynsanyň paýhasy hem-de yhlasy bilen tebigatyň görlüp-eşidilmedik derejede owadanlaşyp bilýändigi bolsa, Hazar deňziniň türkmen kenarynda sanlyja ýylyň içinde döredilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň mysalynda öz aýdyň beýanyna eýe boldy. Bu ajaýyp mekanda, Hazar deňziniň türkmen kenarynda döredilen gözel zolakda geçirilýän çäreleriň, duşuşyklaryň, okuw maslahatlarynyň sanasaň sogaby bar.

Türkmenistan dünýä döwletleri bilen dostlukly we netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýär. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň Hazarýaka döwletleri bilen alyp barýan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mysalynda hem görmek bolýar. Häzirki wagtda Hazaryň parahatçylygyň, dostlugyň we ylalaşygyň deňzi hökmünde ykrar edilmegi deňiz bilen çäkleşýän goňşy döwletleriň tagallalarynyň birligini, sebit hyzmatdaşlygynyň oňyn netijelerini şöhlelendirýär. 2023-nji ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň güni dabaraly bellenilip geçilip, baýramçylyk maksatnamasynyň çäklerinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen “Hazar deňzi - parahatçylyk we dostluk deňzi” atly ylmy-amaly maslahat aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Babahan DÖWRANOW
Çärjew etrabynyň 8-nji orta mekdebiniň mugallymy
Beýleki habarlar