Özbegistan we Türkiýe ýük daşamak ulgamynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

29 Fewral 2024
378

Özbegistanyň Ulag ministrliginiň wekilleriniň Türkiýäniň ulag we infrastruktura ministrliginde zähmet çekýän kärdeşleri bilen duşuşandyklary «Trend» tarapyndan habar berildi.

Maglumatlara görä, Özbegistandan gelen wekiliýet awtomobil ulaglary ulgamynda Türkiýäniň ýolagçy we ýük daşamaga ygtyýarnama bermek, halkara ulag gatnawy üçin rugsat bermegi resmileşdirmek, sanly gözegçilik, bellenen ugurlar boýunça hereket edýän taksileriň işini kadalaşdyrmak, şeýle-de bu ugurda işgärleri taýýarlamak hem-de kämilleşdirmek boýunça tejribesini öwrenýär.

Beýleki habarlar