Türkmenistan — Hytaý: dostlukly gatnaşyklar

2 Fewral 2024
449

29-njy ýanwarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana iş sapary bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygynyň orunbasary Hao Minszin bilen duşuşygy boldy.

Söhbetdeşler iki ýurduň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyna täze itergi bermegi maksat edinýändigini tassykladylar. Bellenilişi ýaly, bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmakda Türkmen-hytaý hökümetara komitetine möhüm orun degişlidir. Strategik we uzak möhletleýin häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli derejelerde netijeli ösdürilýändigi nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, parlamentara we partiýalaryň arasyndaky gatnaşyklar işjeňleşdirilýär. Sebitara hyzmatdaşlyga hem täzeçe itergi berildi.

"Nesil".
Beýleki habarlar