Akdost — türkmen-tatar dostlugynyň nyşany

27 Ýanwar 2024
415

Golaýda Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat berlen Akdost atly türkmen alabaýynyň Kazan şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa owçarkasy» diýen ýaryşda iki ugur boýunça Russiýanyň çempiony bolandygy baradaky habary türkmen halkyna buşlady. Munuň özi türkmen hem tatar halklarynyň dostlugynyň nyşanyna öwrülen Akdostuň mysalynda milli gymmatlygymyz bolan alabaýlaryň dünýädäki şöhratynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýän möhüm wakadyr.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň gerimli ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Şunda Russiýanyň senagat taýdan ösen sebitleriniň biri bolan Tatarystan Respublikasy bilen ýola goýlan ýygjam gatnaşyklara, durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalara hem aýratyn orun degişlidir. Elbetde, bu gatnaşyklaryň ýakyn häsiýete eýe bolmagyna gönüden-göni täsirini ýetirýän birnäçe şertler bar. Türkmen we tatar halklarynyň arasyndaky taryhy, medeni, dil, din babatdaky meňzeşlikler, halklarymyzyň uzak ýyllaryň dowamyndaky dostlugy, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy, hususan-da, Tatarystan Respublikasy bilen syýasy, ykdysady, medeni ugurlarda uzak ýyllaryň dowamynda emele gelen özara bähbitlilik, birek-birege hormat goýmak ýaly ýörelgelere esaslanýan hyzmatdaşlyk şol şertleriň möhüm ugurlary bolup öňe çykýar. Ýurtlarymyzyň Baştutanlarynyň arasynda hoşniýetli gatnaşyklaryň, pugta özara ynamyň kemala gelmegi hem bu babatda aýratyn ähmiýete eýedir.

Aşyraly NAZAROW,
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherindäki baş konsullygynyň ikinji sekretary.
Beýleki habarlar