Zerewşan — Garagum geçelgesi umumadamzat gymmatlygydyr

10 Ýanwar 2024
721

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen ulgamlaýyn esasda netijeli hyzmatdaşlygy barha ösdürýär. Bu hyzmatdaşlygyň netijesinde 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde ÝUNESKO-nyň garamagyna hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi» atly köptaraplaýyn hödürnamasynyň kabul edilmegi sebitiň ekoulgamyny goramakda, medeni gatnaşyklary berkitmekde, tebigy täsinlikleri gorap saklamakda örän uly ähmiýete eýedir. Beýik Ýüpek ýoly ýüzýyllyklaryň dowamynda diňe bir söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine däl, eýsem, medeniýetleriň baýlaşmagyna, aň-bilimleriň kämilleşmegine hem täsirini ýetirdi.

ÝUNESKO-nyň abraýly sanawyna goşmaga hut Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesiniň saýlanyp alynmagynda çuňňur many bar. Sebäbi Beýik Ýüpek ýolunyň bu geçelgesi halkara ýoluň iň wajyp bölegi hasaplanýar. Gymmat bahaly harytlardan mas ýüklenen kerwenler Hytaýyň öňki paýtagty Sian şäherinden Takly-Mekan sährasyna, soňra demirgazyk Týan-Şanyň eteklerini syryp, Kaşgara, Pamir daglarynyň jülgelerinden geçip, Fergana, Samarkanda hem-de Zerewşan sährasynyň üsti bilen Farap — Amul güzerine gelipdirler. Uzak ýollary külterläp gelen kerwenler Amuldan Merwe, beýleki ugur boýunça Kerki şäherine, Köýtendagyň ter öleňli jülgelerinden geçip, Täjigistana, üçünji ugur boýunça Aralýaka etraplaryna, dördünji ugur boýunça bolsa Buhara barypdyrlar.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar