Durnukly ösüşiň bähbidine

2 Ýanwar 2024
552

2023-nji ýylyň 22-nji dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyny belledi. 19-njy dekabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 49-njy plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» hem-de «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen öňe sürlüp, ozal hem birnäçe gezek ykrar edilen şeýle halkara başlangyçlara köp sanly dünýä ýurtlarynyň awtordaş bolup çykyş etmegi olaryň tutuş adamzat üçin örän möhümdigini görkezýär.

Ýagmyr NURYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory.
Beýleki habarlar