«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen türkmenistanly türgenleriň ýokary netijeleri görkezip, dünýäniň sport giňişliginde ata Watanymyza mynasyp wekilçilik etmegi üçin ähli zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine uly üns berilmeginiň netijesinde türkmen türgenleri ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän iri halkara ýaryşlara gatnaşyp, uly üstünlikleri gazanýarlar, baýrakly orunlara we medallara mynasyp bolýarlar. Sportuň dürli görnüşleri boýunça tälimçiler hem daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmak arkaly ukyp-başarnyklaryny we hünär derejelerini yzygiderli ýokarlandyrýarlar.