Ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk

26 Noýabr 2023
696

Häzirki ajaýyp döwrümizde Türkmenistanyň öňe sürýän beýik başlangyçlary dünýäde belent ykrarnama eýe bolýar. Ýurdumyz umumadamzat bähbitli, durnukly ösüşiň aýdyň ugurlary esasynda belent maksatlar bilen dünýäniň nazaryny jemleýär. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleriniň halk we umumadamzat bähbitlidigini aýdyň beýan edýär. Ynha, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde ilkinji gezek Bütindünýä durnukly ulag gününiň bellenilmegi hem aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda her ýylyň 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi. Ýurdumyzyň durmuşa geçirýän beýik işleri, halklaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmekde ýola goýulýan başlangyçlar aýratyn many-mazmuna eýedir. Ulag ulgamynda hem hyzmatdaşlygy ösdürmek, bu babatda netijeli işleri alyp barmak esasy ugurlaryň biridir. Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň geçirilmegi hem bu ugruň ösdürilmeginde tagallalary birleşdirmek, hoşniýetli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýaly asylly ýörelgelerden ugur alýar.

Söhbet NURBERDIÝEW,
«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar