Telekommunikasiýa we maglumat tehnologiýalar ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi maslahatlaşyldy

14 Noýabr 2023
461

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet anna güni Hytaýyň “JD.com Incorporation” kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar telekommunikasiýa we maglumat tehnologiýalaryny ösdürmegiň meselelerini maslahatlaşdylar. Bu barada agentligiň metbugat gullugy habar berdi.

Aşgabatda geçirilen telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel-2023” atly XVI halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde bolan duşuşykda bilelikdäki işleriň ugurlaryna, şol sanda elektron söwdany hem-de telekommunikasiýalar pudagyna häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrmagyň meselelerine garaldy.

Beýleki habarlar