Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda duşuşyk geçirildi

12 Noýabr 2023
519

7-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň Ýewraziýa departamentiniň wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň Ýewraziýa departamentiniň başlygy Wilýam Tompsonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň duşuşygynda taraplaryň gyzyklanma bildirýän ugurlary hakynda durlup geçildi.

Duşuşykda Wilýam Tompson 2023-nji ýylyň 12 — 14-nji dekabry aralygynda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriljek YHÖG-iň Ýewraziýa hepdeligine Türkmenistanyň gatnaşmagynyň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny belläp geçdi we ol çäre boýunça umumy düşünje berdi. Ol umumy esasda hususy telekeçiligi toplumynyň hukuk taýdan üpjünçiligi barada belläp, Merkezi Aziýa döwletleri boýunça söwda-ykdysady,
maýa goýumlar, logistika ugurlarynda iş alnyp barylýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Metbugat gullugy.
Beýleki habarlar