Türkmenistanda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» nobatdaky hyzmatdaşlyk forumy geçirildi

2 Noýabr 2023
497

1-nji noýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumy geçirildi. Bu foruma Türkmenistanyň başlyklyk etmegi şu ýylyň möhüm ähmiýetli wakasydyr. Munuň özi Bitarap döwletimiziň ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen oňyn hyzmatdaşlyga, şol sanda köptaraply gurallar formatyndaky gatnaşyklara ygrarlydygynyň, sebit derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça ileri tutulýan wezipeleri çözmekde işjeň orun eýeleýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Forumdan bir gün öň – 31-nji oktýabrda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň we Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirilip, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

(TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy).
Beýleki habarlar