«Bir guşak, bir ýol»: ählumumy ykdysady hyzmatdaşlygyň beýany

22 Oktýabr 2023
619

Dünýä döwletleriniň arasynda Hytaý Halk Respublikasy ýurdumyzyň örän möhüm ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri hasaplanylýar. Häzirki wagtda iki döwletiň arasynda hyzmatdaşlygyň köp derejeli guraly işlenip taýýarlanyldy. Ol döwlet Baştutanlarynyň gepleşikleri, türkmen we hytaý işewür toparlarynyň duşuşyklary ýaly dürli ugurlary öz içine alýar.

2023-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Hytaýyň Milli maslahatlar merkezinde HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasarynyň alyp barmagynda «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahaty geçirildi. Ýokary derejeli forumda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ilkinji bolup çykyş edip, bu çäräniň geçirilmeginiň örän möhüm we talap edilýän waka hasaplanýandygyny aýtdy. Şeýle-de soňky döwrüň pandemiýa, durnuksyzlygyň ýokarlanmagy, ynamyň pese gaçmagy, wakalaryň öňünden habar berilmezligi ýaly hakykatlarynyň ählumumy ykdysady işjeňlige ýaramaz täsirini ýetirendigini, özara baglanyşyk bilen dahylly meseleleri döredendigini, durnukly ösüş ulgamynda meýilnamalaryňdyr maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň netijeliligini peseldendigini belledi. Bu ýaramaz täsirleri ýeňip geçmek üçin döwletleriň we halkara institutlaryň tagallalarynyň birleşdirilmegi, ak ýürekli çemeleşmä, jogapkärçilige, öňdengörüjilige esaslanýan döredijilikli we netijeli gün tertibini kesgitlemekde olaryň raýdaşlygy zerurdyr. Ýokary derejeli duşuşyga gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň durmuşa geçirilmegi Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegine mümkinçilik döreder, ählumumy ykdysady ösüşe kuwwatly itergi bermäge ýardam eder hem-de dünýä ösüşi üçin täze giňişligi açar.

Döwletgeldi GURBANGYLYJOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 4-nji ýyl talyby.
Beýleki habarlar