25 – 27-nji oktýabr aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Krasnodar sebitinde «ASIAEXPO 2023» Halkara sergisi we maslahaty geçiriler. Bu halkara çäre dünýäniň oba hojalygy pudagynda ýöriteleşen kompaniýalary bir ýere jemleýän dünýäniň iň uly forumydyr. Dünýäniň oba hojalyk bazarynyň täze ösüş ugurlary üçin möhüm platformanyň 26 müň kwadrat metre deň sergi meýdançasynda geçiriljek bu halkara çärä Russiýanyň, Aziýanyň, Afrikanyň, Ýakyn Gündogaryň hem-de GDA ýurtlarynyň 200-den gowrak öňdebaryjy senagat kompaniýalary gatnaşar.
«ASIAEXPO» halkara maslahaty oba hojalygynyň ösüşiniň global mümkinçiliklerini ösdürmek, netijeli pikir alyşmak we daşarky bazarda täze hyzmatdaşlyklary açmak üçin dünýäniň iň uly platformasydyr. Bu çäre dünýäniň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de has-da ösdürmek maksady bilen, agrosenagat toplumynyň ähli pudaklarynyň wekillerini bir ýere jemleýär.