Ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi maslahatlaşyldy
Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen goňşy ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrlikleriniň, degişli hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.