Hormatly Prezidentimiz Wengriýa ilkinji iş saparyny amala aşyrdy
20-nji awgustda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Budapeştde geçirilýän Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty, şeýle hem ýurduň Milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin Wengriýa iş saparyny amala aşyrdy.