Dabaraly maslahat geçirildi

21 Awgust 2023
740

Şu gün – 21-nji awgustda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi mynasybetli «Türkmenistan – ÝUNESKO: Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň strategik hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde türkmen ýaşlarynyň orny» atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümleri, bagtyýar ýaşlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary merkeziniň edara binasynyň giň eýwanynda milli gymmatlyklarymyzy dabaralandyrýan sergi guraldy.

Soňra maslahat öz işine başlady. Ilkinji çykyş Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa berildi. Ol ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen durmuşa geçirýän beýik işleri dogrusynda gürrüň berdi. Şeýle-de dabarada çykyş edenler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-­nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň (GYС) resmi agzasy bolmagy, ýurdumyzda ýaşlara bildirilýän uly ynam dogrusynda aýratyn durup geçdiler.  Çykyşlar türkmen ýaşlaryna döredilýän giň mümkinçilikleri öz içine alyp, Watan berkararlygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

«Güneş».
Beýleki habarlar