Daşkentde Türkmenistanyň we Özbegistanyň demir ýol edaralarynyň arasynda gepleşikler geçirildi

31 Iýul 2023
570

Daşkentde «Türkmendemirýollary» we «Uzbekiston temir ýullari» edaralarynyň wekilleri duşuşdylar. Duşuşykda Türkmenistanyň we Özbegistanyň demir ýol edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ara alyp maslahatlaşdy diýip, «Podrobno.uz» habar berdi.

Habar berlişine görä, gepleşiklerde taraplar birnäçe möhüm mowzuklar boýunça pikir alşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, «Uzbekiston temir ýullarina» degişli sistern-wagonlaryň Türkmenistanyň we Eýranyň çäklerinde ýerleşdirilmegi, şeýle hem türkmen çäklerinde ýerleşýän üsti ýapyk wagonlaryň wagtynda düşürilmegi we yzyna gaýtarylmagy boýunça pikir alyşdylar.

Beýleki habarlar