Türkmenistan we Özbegistan gümrükhanada öňünden habar berme babatynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler

31 Iýul 2023
580

Türkmenistan we Özbegistan gümrük edaralarynyň harytlar we ulag serişdeleri barada öňünden habardar edilmegi babatynda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu mesele Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Özbegistan Respublikasynyň ykdysadyýet we maliýe Ministrliginiň ýanyndaky Gümrük komitetiniň wekilleriniň onlaýn-duşuşygynyň esasy temasy boldy. Taraplar iki ýurduň gümrük edaralarynyň arasynda maglumaty bermek prosessi bilen baglanyşykly tehniki meselelere seretdiler.

Beýleki habarlar