Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ygrarlylyk

26 Iýul 2023
817

Türkmenistanyň ikinji Meýletin milli synynda öz beýanyny tapdy

Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyz 1992-nji ýylyň 2-nji martyndan bäri bu guramanyň doly hukukly agzasy hökmünde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça tagallalara mynasyp goşant goşýar. Şunda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek hem ileri tutulýan ugurlaryň hataryndadyr. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň ikinji Meýletin milli synyny hödürlemek maksady bilen, golaýda BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň howandarlygynda geçirilen ýokary derejeli Syýasy forumyna türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar