Pakistan, Owganystan we Özbegistan Merkezi Aziýa uzaýan demirýol şahasyny gurarlar

25 Iýul 2023
626

Pakistan, Owganystan we Özbegistan sişenbe güni Pakistany Özbegistanyň günortasyndaky Termez şäheriniň üsti bilen Merkezi Aziýa we Russiýa bilen birleşdirjek demirýol şahasyny döretmek barada bilelikdäki teswirnama gol çekdiler. Bu barada “Arabnews” gazeti çarşenbe güni habar berdi.

Demir ýol ugry Termez şäherinden we Owganystandaky Mazari-Şarif bilen Logar şäherlerinden geçer hem-de Pakistandaky Harlaçi serhet geçelgesine barar. Resmiler bu şahanyň ýolagçy we ýük hyzmatlaryna goldaw berjekdigini we sebitdäki söwda hem-de ykdysady ösüşe goşant goşjakdygyny aýdýarlar.

Beýleki habarlar