ÝUNESKO: ýurdumyzyň milli toparynyň maslahaty

24 Iýul 2023
670

22-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdy.

Mejlisiň dowamynda BMG-niň iri ýöriteleşdirilen edarasy bilen özara gatnaşyklaryň giň meselelerine garaldy. Milli gymmatlyklarymyzy Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem şu ýylyň alty aýynda topar tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemleri, 2023-nji ýyl üçin meýilnamada kesgitlenen wezipeler, 2024-nji ýylda Aşgabatda Türkmenistanyň bu guramanyň düzümine girmeginiň 30 ýyllyk şanly senesine bagyşlanyp geçiriljek halkara maslahata taýýarlyk barada maglumat berildi.

«Watan».
Beýleki habarlar