ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi

24 Iýul 2023
655

Aşgabat, 22-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda BMG-niň iri ýöriteleşdirilen edarasy bilen özara gatnaşyklaryň giň meselelerine garaldy we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary, şol sanda milli gymmatlyklarymyzy Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň görkezmelerine we tabşyryklaryna laýyklykda şu ýylyň alty aýynda topar tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemleri, 2023-nji ýyl üçin meýilnamada kesgitlenen wezipeler, 2024-nji ýylda Aşgabatda Türkmenistanyň bu guramanyň düzümine girmeginiň 30 ýyllyk şanly senesine bagyşlanyp geçiriljek halkara maslahata taýýarlyk barada maglumat berildi.

Beýleki habarlar