Türkmen-özbek serhedinde söwda merkezi gurlar

24 Iýul 2023
675

Bu barada 21-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, gurluşyk işleri şu ýylyň iýul aýynda başlanar we Söwda merkezi 2025-nji ýylyň iýulynda ulanmaga doly taýýar ediler. Munuň özi özara haryt dolanyşygynyň artdyrylmagyna, işewürlik gatnaşyklarynyň giňeldilmegine, iki ýurduň sebitlerinde täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam berjek möhüm başlangyçdyr.

Merkezi Aziýanyň ýüreginde, Amyderýanyň we Syrderýanyň aralygynda ýerleşen, gadymyýetde Beýik Ýüpek ýolunyň dynuwsyz kerwenlerini goýnundan geçiren Özbegistan biziň ýurdumyzyň hoşniýetli goňşusy, ýakyn dosty, ygtybarly hyzmatdaşydyr. Türkmen we özbek halklarynyň taryhy umumylyklara, köpasyrlyk ruhy-medeni däplere, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan gadyrly gatnaşyklarynyň döwletleriň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk derejesinde ösdürilmegi bu günki gün pugta binýady emele getirmek bilen, uzak geljek üçin bilelikdäki hereketleri kesgitlemekde daýanç nokady bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň we Özbegistanyň syýasy-diplomatik gatnaşyklary özara ynanyşmagyň hem düşünişmegiň iň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Biziň döwletlerimiz birek-biregiň daşary ykdysady, söwda hyzmatdaşlygynda-da öňdäki orunlary eýeleýärler.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar