Türkmenistan — Koreýa: hoşniýetlilik, dostluk, ynanyşmak

21 Iýul 2023
539

20-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo bilen duşuşygy boldy. Ikiçäk we giňişleýin düzümde geçirilen gepleşiklerde parlamentara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, ony ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Günüň ikinji ýarymynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgüniň «Deňiz han» otagynda Gahryman Arkadagymyz bilen dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň ikiçäk duşuşygy boldy. Bu duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüljekdigini belläp, hormatly Arkadagymyz ýokary derejedäki gepleşikleriň gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar üçin oňyn mümkinçilikdigini aýtdy.

"Nesil".
Beýleki habarlar