Jidda sammiti: sebitara hyzmatdaşlygy ilerletmekde täze ädim

20 Iýul 2023
692

Bitarap Türkmenistan häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda başlangyçly orny eýeläp, parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmek, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tagallalaryň birleşdirilmegine saldamly goşant goşýar. Ýakyn Gündogaryň ýurtlary, şol sanda Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň düzümine girýän ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklar bu ugurdaky üstünlikli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 19-njy iýulda Jidda şäherinde geçirilen Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmagy bolsa häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we bar bolan uly mümkinçilikleri nazara alyp, özara bähbitli sebitara hyzmatdaşlyga täze itergi bermegiň, ony many-mazmun taýdan baýlaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky ädim boldy.

Mälim bolşy ýaly, alty ýurt — Bahreýn Patyşalygy, Katar Döwleti, Kuweýt Döwleti, Birleşen Arap Emirlikleri, Oman Soltanlygy we Saud Arabystany Patyşalygy 1981-nji ýylda döredilen bu sebit guramasynyň agzalary bolup durýar. Taryhyň dowamynda kemala gelen medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygynyň, özara hormat goýmagyň, ynanyşmagyň berk binýadynda ýola goýulýan dostlukly gatnaşyklar Türkmenistany Merkezi Aziýa sebiti boýunça goňşy döwletler bilen baglanyşdyrýar. Jiddada geçirilýän sammit bolsa özara bähbitli sebitara hyzmatdaşlyga täze itergi bermäge gönükdirilendir. Şunda Türkmenistanyň ileri tutulýan ugurlarda doly möçberli hyzmatdaşlyk üçin binýady döretmäge çalyşýandygyny bellemek gerek.

Beýleki habarlar