Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň halkara ynsanperwerlik çäreleriniň maksady howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermekdir

20 Iýul 2023
725

Arkadag şäheri, 19-njy iýul (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bina edilen Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Ukrainadan hoşallyk haty gelip gowuşdy. Şanly waka mynasybetli bu ýerde geçirilen dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri, gaznanyň müdiriýetiniň agzalary, Arkadag şäheriniň häkimi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, şeýle-de Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi gatnaşdylar.

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýermek bilen, şu ýylyň mart aýynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy Ukrainanyň çagalaryna ynsanperwerlik kömegini iberdi. Munuň özi halkymyzyň mätäçlik çekýänlere doganlyk goluny uzatmak ýaly asylly ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Beýleki habarlar