Arkadag şäheri — şäher gurluşygynyň täzeçil nusgasy

5 Iýul 2023
574

Arkadag şäheri, 4-nji iýul (TDH). Şu gün Arkadag şäheriniň gurluşyk toplumynda “Arkadag şäheri — gurluşygyň we senagatyň beýik nusgasy” atly halkara maslahat geçirildi. Ol täze şäheriň birinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli guralan halkara çäreleriň jemini jemledi.

Foruma Türkmenistanyň we ýurdumyzyň ozaldan gelýän, ygtybarly hyzmatdaşlary bolan daşary ýurt kompaniýalarynyň, gurluşyk edaralarynyň, senagat, energetika, himiýa we ýol gurluşygy pudaklarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda “Buig Türkmen”, “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd”, “Hyundai Engineering Co., Ltd”, “Kawasaki Heavy Industries, Ltd”, “Sumitomo Corporation”, “Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.”, “Rönesans Inşaat”, “Wozroždeniýe” kompaniýalary, şeýle hem “Dorožnoýe stroitelstwo Altkom”, “INAS+” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetleri we beýlekiler bar.

Beýleki habarlar