Türkmenistanyň täsin ekotaslamasy

5 Iýul 2023
520

Aleksandr LEBEDEW,
«Большая Азия» teleýaýlymynyň baş direktory:

— Ilki bilen, öňegidişligiň we belentliklere ýetmegiň nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň gurluşygyna gatnaşanlaryň ählisini gutlamak isleýärin. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň özboluşly başlangyjynyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistan üçin ýetip bolmajak menziliň ýokdugyny görkezdi. Bu ýerde gören zatlarym meni juda haýran galdyrdy. Deňi-taýy bolmadyk ajaýyp şäheriň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna geljekde bagt hem-de abadançylyk arzuw edýärin. Goý, siziň durmuşyňyzda iki reňk — ak we tyllaýy reňkler agdyklyk etsin! Çünki ak — tämizligiň, şatlygyňdyr açyk göwünliligiň, tyllaýy reňk bolsa baýlygyň, abadançylygyň, saglygyňdyr merhemetiň nyşany.

Beýleki habarlar