Belent hormatyň nyşany

4 Iýul 2023
515

Arkadag şäheriniň toý ruhunda açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysy Ilýas Demirji hormatly Prezidentimize «Türki dünýä ýokary hyzmatlary üçin» atly medaly gowşurmagy halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan dünýä döwletleri, şol sanda türki dünýäsiniň ýurtlary bilen özara ynama we hormat goýmaga esaslanýan hyzmatdaşlygy işjeň alyp barýar. Şonuň netijesinde häzirki döwürde ýurdumyzyň halkara abraýy, medeni, ykdysady gatnaşyklary barha ýokarlanýar. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işleriniň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändigi-de aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Häzirki döwürde sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanyň özboluşly keşbini döretmäge goşan şahsy goşandy nazara alyp, dabaraly ýagdaýda döwlet Baştutanymyza «Türki dünýä ýokary hyzmatlary üçin» atly medalyň gowşurylmagy-da munuň şeýledigini tassyklaýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki medeniýetiň halkara guramasynyň «TÜRKSOÝ» ordeni we «Türki dünýä ýokary hyzmatlary üçin» medaly bilen sylaglanmagy ýurdumyzyň dünýäde barha artýan abraýyndan aýdyň mysaldyr. Ol şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň türki halklarynyň arasynda medeni we ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mynasyp goşant goşandygynyň subutnamasydyr.

Hemraguly ORAZALYÝEW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Ahal welaýat müdirliginiň müdiri, uly döwlet bellige alyjysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, 1-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar