Mediaforum geçirildi

3 Iýul 2023
757

30-njy iýunda Arkadag şäherinde ýurdumyzda ilkinji «akylly» şäheriň açylmagyna bagyşlanan halkara mediaforum geçirildi. Duşuşyga Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna gatnaşan daşary ýurtly myhmanlar, Türkmenistanyň birnäçe edaralarynyň we guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Täze şäheriň desgalarynyň hatarynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi hem bar. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, sözüň doly manysynda, munuň özi desgalaryň toplumyny özüne birleşdirýän çagalar şäherçesidir. Toplumyň abadanlaşdyrylan çäginde çagalaryň arassa howada wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin ähli şertler döredildi. Ilatyň, aýratyn-da, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň saglygyny goramak meselelerine toplumlaýyn çemeleşilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli çözülýändigini görkezýär.

«Watan».
Beýleki habarlar