Türkmenistan bilen Dagystanyň arasynda yzygiderli parom gatnawy ýola goýlar

1 Iýul 2023
678

2023-nji ýylyň ahyryna çenli Türkmenistanyň günbataryndaky Türkmenbaşy şäheri bilen Dagystanyň paýtagty Mahaçkalanyň arasynda konteýnerleri daşamak üçin niýetlenilen ýük gämileriniň yzygiderli gatnawyny ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky söwda wekili Aleksandr Ýelizarow 29-njy iýunda Mahaçkalada Dagystanyň Hökümetiniň başlygy Abdulmuslim Abdulmuslimow bilen geçirilen duşuşykdan soň aýtdy.

Beýleki habarlar